Bosfor Ýaşlar merkezi V Aziada bagyşlanan cäre gurnady

“Bosfor” Ýaşlar merkeziniň gurnan “tegelek stoly” ýokary netijeli sporty ösdürmegiň we ýurtda köpçülikleýin bedenterbiýe herekitni wagyz etmegiň jähtinden “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň ähmiýetine bagyşlanyldy.

Maslahat bu uly möçberli sport çäresiniň Türkmenistan, Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýeti barada boldy. Mediatanyşdyrylyş V Aziada uly möçberli taýýarlyk işiniň barşyny görkezdi, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň özboluşly binalary we Oýunlaryň başlamanzyndan 500 gün öň başlanan atly ýörüş barada giňişleýin maglumat berdi.

Maslahatda bellenilişi ýaly, “Saglyk.Ruhubelentlik.Dostluk” şygary astynda geçirilýän “Aşgabat 2017” Oýunlary sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, türkmen sportuny hil taýdan täze derejä çykarmak, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça milli mega-taslama boldy, şeýle hem sebit goşulyşmasynda we yklymyň sport taryhynda täze sahypa açdy. Şeýle derejedäki ýaryşlar adamlaryň millionlarçasyny birleşdirýär, olaryň geçirilýän ýurduny milletara gatnaşyklarynyň, özara sylag-sarpanyň we ynamyň meýdançasyna öwürýär.

---Biziň jemgyýetçilik guramamyzyň esasy maksady—ýaşlara durmuş we hukuk meseleleri boýunça bilim bermekdir—diýip, “Bosfor” merkeziniň baş directory Zalina Rossoşanskaýa gürrüň berýär.—Biz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde hereket edip, jogapkärçilikli we bilimli ýaş nesli terbiýelemäge ýardam etmäge çalyşýarys. Şu günki çäräni geljekki Oýunlaryň ýurduň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini beýan etmek maksady bilen geçirdik.

“Bosfor”merkezi şeýle hem ylmy, medeni we sport çärelerini geçirýär, dürli durmuş meseleleri boýunça maslahatlar hyzmatyny berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Türkiýäniň iň uly maýagynyň, Stambulyň Şile etrabynda ýerleşýändigini bilýäňizmi?
Türkiýe Global Saglyk Bazaryndan 10 Milliard Dollarlyk Paý Almagy Meýilleşdirýär
Stambuldaky Gazuv-Agtaryş Işleri
Afiny bilen Stambuly gar basdy
Türkiýe Bogazlaryny Harby Gämi Gatnawyna Ýapdy
Russiýa degişli suwasty gämi Bosfor bogazyndan geçdi