Bosgunlar boýunça Merkezi Aziýa ulgamy Bosgunlar boýunça 2-nji ählumumy forumy geçirmäge taýýarlanýar. Bosgunlar meselesi boýunça dünýädäki iň uly halkara duşuşygy bolan bu forum 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda Ženewada geçiriler diýip, nCa internet portaly habar berýär.
Häzirki wagtda Ulgam geçiriljek iri halkara forum üçin borçnamalary işläp taýýarlamagy maksat edinýär diýlip, habarda aýdylýar.
Ženewada geçiriljek foruma Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa döwletlerinden ýokary derejeli wekiller gatnaşar diýlip garaşylýar.
Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan tarapyndan raýatlygy bolmadyk ýa-da belli bir raýatlygy bolmadyk müňlerçe adamyň raýatlygy tassyklandy. Munuň netijesinde bolsa raýatsyzlyk howpy ep-esli azaldy diýip, çeşme belleýär.
