Braziliýa 37 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi

Häzirki wagtda wagtlaýyn tälimçisi bilen Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynda çykyş edýän Braziliýanyň ýygyndysynyň ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy.Aslynda bu 37 oýunlyk seriýanyň tamamlanjakdygy belli bolan ýalydy. 5 gün öň oýnalan duşuşykda öz meýdançasynda Wenesuelany ýeňip bilmän deňme-deň oýnan Braziliýa yklymdaky esasy 2 bäsdeşiniň biri hasaplanýan Urugwaý bilen myhmançylykda duşuşdy.

Duşuşykda Braziliýa hem ýeňlişsiz ýörişini, hem-de ýyldyz oýunçysy Neýmar Juniory ýitirdi. Ýyldyz oýunçy 1-nji ýarymyň ahyrynda agyr şikes aldy we meýdançadan göz ýaşlary bilen çykaryldy.

Duşuşykda ýer eýeleri Urugwaýyň ýygyndysy 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Gollary 42-nji minutda Arauhonyň pasyndan soň Darwin Nunýes, 77-nji minutda-da Nunýesiň pasyndan soň Diego De La Kruz geçirdi. Şunlukda, Braziliýanyň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda 8 ýyldan bäri ýeňlişsiz gelýän 37 oýunlyk seriýasy tamamlandy.

Soňky gezek 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Çiliden 2-0 utulan Braziliýa şol 37 oýunda 28 ýeňiş gazandy, 9 oýunda-da deňme-deň oýnady.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Braziliýa 17-nji gezek çärýek finalda, Aziýada geçirilýän çempionat aziýalylarsyz dowam eder
Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi
Ýylyň iň köp pul gazanýan futbolçylary