Braziliýada çybyn öndürilýän fabrik gurlar

Braziliýada çybyn öndürilýän fabrik gurlar

Braziliýada wolbachia bakteriýalary emeli ýokuşdyrylan çybynlary öndürýän kärhana gurlar diýip, 24KZ habar berýär. Häkimiýetler şeýle etmek bilen, gyzzyrma keseliniň möwjemeginiň öňüni almak isleýärler. Alymlar ady tutulan bakteriýalaryň keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga ukyplydygyny subut etdiler.

Şu ýyl ýurtda denge gyzzyrmasy bilen kesellänleriň sany 4 million adama golaýlady. Olaryň tas 2 müňe golaýy pida boldy.

Täze fabrik ýylda bäş milliarda golaý bakteriýa geçiriji çybynlary öndürer.

2015-nji ýylda wolhabiýa bakteriýaly çybynlar Rio-de-Žaneýronyň munisipalitetleriniň birinde köpçülikleýin öndürilipdi. Netijede, gyzzyrma bilen kesellilik 70 göterim kemeldi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Braziliýada saparda bolar
Braziliýada Sil Apaty Sebäpli 11 Adam Ýogaldy
Fidan Blinken bilen duşuşyk geçirdi
G20-niň Daşary işler ministrleriniň maslahaty başlady
Braziliýada çakdanaşa yssy
Braziliýada sil apatlary we ýer süýşgünleri sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy