Braziliýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Braziliýadaky sil apatlarynda we ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy

San-Paulu ştatynyň resmileri, 18-nji fewraldan bäri täsirli bolan sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sanynyň artandygyny habar berdi.

Tebigy apatda häzirki wagta çenli 48 adamyň ýogalandygy, 36 adam üçin bolsa gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Ştatyň Raýat goranyş koordinatory Hengeel Rikardo Pererira, takmynan 3 müň adamyň tebigy apatyň başdan geçirilen sebitden ewakuasiýa edilendigini, dowam edýän ýagyşlaryň gözleg we halas ediş işlerini togtadýandygyny beýan etdi.

Sebite harby dikuçarlar bilen ynsanperwer kömekleriň ýetirilmäge synanyşylýandygy aýan edildi.

Braziliýanyň Döwlet baştutany Luis Inasui Lula da Silwa, 21-nji fewralda tebigy apatyň başdan geçirilýän sebite sapar gurapdy, dikuçar bilen howadan gözegçilik işlerini geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

20-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Goranmak ministri: Eýran-Wenesuela gatnaşyklary strategiki, çuň we doganlyklydyr
Zubaýra Tuhugow UFC 267-de Rikardo Ramosdan üstün çykdy
Nikol Kidman Rikardo bolmak filmindäki keşbi üçin Altyn globusa mynasyp boldy
Givenchy moda öýüne 70 ýyl boldy
Kaka kyrk ýaşady
Kaka tälimçilige ymtylýar