Braziliýanyň ozalky Prezidenti Bolsonaro 27 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Braziliýanyň ozalky Prezidenti Bolsonaro 27 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Braziliýanyň ozalky Prezidenti Bolsonaro 2022-nji ýylda geçirlen saýlawda ýeňilenden soň wezipesini dowam etdirmek üçin agdarlyşyk etmäge synanşandygy sebäpli 27 ýyl azatlykdan mahrum edidi.

Ýokary kazyýetyň kazysy Aleksandr de Moraes, Bolsonaronyň şenbe güni tussag edilendigini we şol günden bäri tussaglykda saklanýandygyny mälim etdi.

Bosonaro şenbe güni ýurtdan gaçyp biljekdigi sebäpli tussag edilipdi.

Braziliýanyň jenaýat hukugy 70 ýaşyndaky syýasatçynyň Braziliýadaky ýerli tussaghanada ýada harby desgalaryň birindei tussaglykda saklanmagna rugsat berip biler.

De Moraes, Bolsonaronoň özümi aklamak üçin ähli hukuklaryny ulanandygyny aýtdy.

Bolsonaronyň aklawçylary saglygy sebäpli onuň öý tussaglygynda saklanmalydygyny mälim edipdi.

Kazy De Moraes Bolsonaronyň gaçmaga synanşyp biljekdigini nygtaýar we Bolsonaro awgust aýyndan bäri öý tussaglygynda saklanýar.

Braziliýanyň demokratik ulgamy

Bolsonaro bilen birnäçe ýarany 2022-nji ýylda geçirlen prezident saýlawynda ýeňilenden soň Braziliýanyň demokratik ulgamyny bozmaga synanşmakda günäkärlendi we Ýokary kazyýetiň kazylardan ybarat geňeş tarapyndan tussag edildi.

Bolsonaro Prezident Lula da Silwany, Wise-prezident Geraldy Alkmin we kazy De Moraesi öldürmegi meýilleşdirmekde we 2023-nji ýylyň başynda başdan geçirlen protest ýörişlerini höweslendirmekde günäkärlendi.

Bolsonaro şeýle hem ýaragly gurama ýolbaşçylyk etmekde we demokratik hukuk ulgamy agdarmaga synanşmakda günäkärlendi.

Ýene degişli makalalar

"Azerbaýjany Garaşsyzlygynyň 106 Ýyllygy Bilen Gutlaýarys"
Türkiyäniň daşary işler ministri Hytaýa sapar gurar
Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Jewdet Ýylmaz Alžirde Saparda Bolýar
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi
Jewdet Ýylmaz Eýranyň täze prezidentini we Beýik Britaniýanyň täze premýer ministrini gutlady