Bred Pittiň täze filmi

Golliwudyň meşhur aktýory Bred Pittiň indiki filmi “Bullet Train” diýlip atlandyrylýar. Ýapon ýazyjysy Kotaro Isakanyň “Maria Beetle” atly romany esasynda surata düşüriljek filme “Jon Wik”( John Wick), “Sary jansyz” (Atomic Blonde), “Dedpul” (Deadpool), “Forsaž hödürleýär: Hobbs we Şaw” (Fast & Furious Presents: Hobbs & Shaw) ýaly kinolar bilen adygan Dewid Litç režissýorlyk eder.

Bu Pitt bilen Litçiň bilelikde işleşjek 8-nji kinolary bolar.Filmde baş keşpleriniň birini ýaş aktrisa Joui Kingiň janlandyrmagyna garaşylýar.Häzirki wagtda owadan aktrisa bilen gepleşikler geçirilýär.

Filmiň ssenarisini Zak Olkewiçs ýazar.Ekran eserini 2021-nji ýylda ekranlara çykarmak meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Kalmar oýny’: Lebabyň bir gije klubynda düzgünsiz uruşlar geçirilýär
Apple Bred Pitt bilen “Formula-1-iň” ýaryşyjysy barada film surata düşürer
Tobi Maguaýr “Wawilon” filminde Çarli Çapliniň keşbini janlandyrar
Bred Pitt kinodaky işiniň jemleýji tapgyry barada gürrüň berdi
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?
Bred Pitt hiç haçan surata düşmejek aktýorlarynyň sanawyny ýöredýär