BRICS-iň ilkinji edebiýat baýragy müsürli ýazyjy Salwa Bakra gowşuryldy

BRICS-iň ilkinji edebiýat baýragy müsürli ýazyjy Salwa Bakra gowşuryldy

Taryhda ilkinji gezek berilýän BRICS-iň edebiýat baýragy müsürli ýazyjy we romançy Salwa Bakra dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy 57-nji Kair halkara kitap sergisiniň zallarynyň birinde geçirildi. Bu baýrak 2024-nji ýylda medeniýetleriň arasyndaky gepleşigi goldamak we edebiýat arkaly däp bolan gymmatlyklary öňe sürmek maksady bilen döredilipdi.

Salwa Bakr öz çykyşynda BRICS-iň siwilizasiýa we ynsanperwerlik babatdaky ornuny, şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň dünýä medeniýetini kemala getirmekdäki ähmiýetini aýratyn belledi:

-Ýewropa kyn döwürleri başdan geçirýän wagty, Gadymy Müsür edebiýatyny ösdürýärdi. Rus medeniýeti we rus edebiýaty bolsa dünýä ýetirýän täsiri bababatda iň çuňňur edebiýatlaryň biridir. Biziň aňymyz Çehowyň, Dostoýewskiniň, Maksim Gorkiniň we beýleki görnükli ýazyjylaryň, şeýle hem Hindistanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň we beýleki ýurtlaryň edebi mirasy esasynda terbiýelendi.

Salwa Bakr ýedi romanyň, ýedi hekaýalar ýygyndysynyň we pýesanyň awtorydyr. Onuň eserleri birnäçe dile terjime edildi. Ýeňiji 1 million rubl (takmynan 600 müň müsür funty) möçberinde pul baýragyna eýe boldy.

Esasy baýrakdan başga-da, emin agzalary indoneziýaly ýazyjy Denni Jany Edebiýat ugrundaky täzelikleri üçin ýörite baýrak bilen sylagladylar. Ol hyýaly güýç, hakyky maglumatlar we resminamalar esasyndaky deliller arkaly poetik esse žanryny ösdürenligi hem-de ýaýradany üçin bu baýraga mynasyp görüldi.

Laureatlar halkara hünärmenler toparynyň ses bermegi netijesinde kesgitlendi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Braziliýada başlangyç sanaw (long-list) yglan edildi. Bir aý dowam eden ses bermeden soňra 10 sany finalçy yglan edildi. BRICS-iň edebiýat baýragynyň ilkinji eýesiniň ady geçen ýylyň 30-njy noýabrynda mälim edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Arkadag futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykdy
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'