BRIKS guramasynyň sammitine 30-dan gowrak ýurt gatnaşar

BRIKS guramasynyň sammitine 30-dan gowrak ýurt gatnaşar

Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň Liderleri 22-24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçjek BRIKS guramasynyň sammitine gatnaşmak barada isleg bildirdi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň orunbasary Sergeý Rýabkow habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Rýabkowyň sözlerine görä, sammitiň autriç we BRIKS+ segmentlerine Aziýanyň, Afrikanyň, Ýakyn Gündogaryň we Latyn Amerikasynyň ösýän ýurtlarynyň lderleri çagyryldy.

Öň RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Kazanda geçjek sammitde guramanyň täze agzalaryny kabul etmek meselelerine garalmajakdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, BRIKS guramasynyň agzalary tarapyndan täze hyzmatdaş-döwlet derejesi barada Düzgünnama kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Baş sekretary ösüp barýan ýurtlara syýasatda ýeterlik ses berilmeýändigini aýtdy
BRIKS Afrika we Aziýa ýurtlarynyň dünýä syýasatynda möhüm orun eýelemäge ymtylyşyny goldaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazanda BRIKS Sammitine gatnaşýar
Namibiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji gezek zenan saýlandy
Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna 286 dalaşgär hödürlendi