Britaniýanyň Goranmak ministriniň uçary Russiýanyň golaýynda signallaryň bozulmagyna sezewar boldy

Britaniýanyň Goranmak ministriniň uçary Russiýanyň  golaýynda signallaryň bozulmagyna sezewar boldy

“The Times” gazetiniň habaryna görä, düzüminde Beýik Britaniýanyň goranmak ministri Jon Hili bolan ýurduň Şasyna degişli Harby-howa güýçleriniň uçar Russiýanyň serhediniň golaýynda signal bozulmalara sezewar galdy.

Ýekşenbe güni çap edilen habarda Hiliniň Estoniýanyň günorta-gündogaryna guran saparyndan soň Beýik Britaniýa gaýdyp gelýärkä, onuň uçýan hökümet uçaryndaky sputnik signallarynyň kesilendigi aýdylýar.

Habar berlişine görä, signal päsgelçilikleri üç sagatlyk uçuşyň dowamynda uçaryň GPS ulgamyny hatardan çykardy.

Habara görä, bu bökdençlik uçaryň bortundaky kompýuterlere we öýjükli telefonlara hem täsir ýetiripdir; uçarmanlar uçaryň ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin alternatiw inersial nawigasiýa ulgamlaryna ýüz tutmaly bolupdyrlar.

Habarda wakanyň arkasynda Russiýanyň durandygyna ynanylýandygy aýdylýar.

Uçarmanlaryň biri bu wakany "köp wagt bäri" başdan geçirmedik adatdan daşary waka hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan Ýokary Harby Şurada kabul edilen kararlary tassyklady
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa sebitine hüjüm gurady
Russiýanyň we Ukrainanyň biri-birlerine garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Russiýa Ukraina degişli birikmeleriň Kryma girmek synanyşynyň öňüniň alynandygyny habar berdi
Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär