Broker atlandyrylýan täze mobil goşundysy satyn alyş we satuw pudagynyň düzgünlerine düýpgöter täzeçilligi getirdi. Ol bu ugurdaky amallary ýeňilleşdirmek we tizleşdirmek bilen, olaryň oňaýly hem-de ähli gatnaşyjylar üçin amatly bolmagyny üpjün edýär.
Broker — bu köpugurly onlaýn-meýdança bolup, onuň kömegi bilen türkmenistanly ulanyjylar şu hyzmatlardan peýdalanyp bilerler:
- harytlary amatly satyn alyp we satyp bilerler: elektronika we egin-eşik önümlerinden başlap, gozgalmaýan emläge hem-de awtoulaglara çenli;
- tejribeli hünärmenleri tapmak: abatlaýyş, gurluşyk, dabaralary guramak we beýleki hyzmatlar üçin;
- wagtlaryny we pullaryny tygşytlap bilerler: teklipleri deňeşdirip, iň gowy bahalary saýlap alyp bolýar.
Broker goşundysynda ulanyjylar edil häzirki wagt hasabynda tenderleri döredip we neşir edip, ýüztutmalary hem-de auksionlary dolandyryp bilýärler. Platformada ähli amallaryň çeýe ýerine ýetirilýändigi ygtybarly bäsdeşligi hem-de iň gowy bahalaryň bolmagyny üpjün edýär. Broker alyjylary we satyjylary gönümel, dellalsyz birleşdirýär.
Broker mobil goşundysyny şu internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play we AppStore.
Habarlaşmak üçin:
