Brýusselde “Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi

Brýusselde “Türkmenistan  Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi

Çarşenbe güni Belgiýanyň Brýussel şäherinde “Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň 23-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew başlyklyk etdi. Wekiliýetiň düzüminde şeýle hem Daşky gurşawy goramak, Bilim, Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça dolandyryjy direktoryň orunbasary Luk Dewin başlyklyk etdi. ÝB-niň wekiliýet düzümine dürli düzümleriň, şol sanda söwda, halkara hyzmatdaşlygy, ulag, energetika, bilim we medeniýet, şeýle hem ylmy barlaglar we innowasiýalar boýunça müdirlikleriniň wekilleri girdiler.

Duşuşykda söwda hyzmatdaşlygyň, şol sanda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagyny goldamagyň, ýurtlardaky makroykdysady ýagdaýlaryň hem-de ulag arabaglanyşygyny we sanlylaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş meseleleri, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň geljegi üns merkezinde boldy.

Türkmen tarapy bu ulgamlarda öz başlangyçlaryny tanyşdyran bolsa, ÝB “BOMCA” we “CADAP” ýaly birnäçe maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk üçin mümkinçiliklerini hödürledi. Ynsanperwer ugurly gün tertibiň çäklerinde bilim we medeni alyşmalaryň meseleleri maslahatlaşyldy.

Mejlis Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçilikleriniň maslahatlaşylmagy bilen tamamlandy. Taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Ýewropa Parlamentinde brifing geçirdi
Uly Berdimuhamedow Awstriýa sapar edýär: Gün tertibinde energiýamy?
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Zaharowa: Ýewropanyň Orsýetiň baýlyklaryny doňdurmagyna derhal jogap bereris
ÝB Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidentini ykrar etmekden ýüz öwürýär
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Türkmenistan we ÝB ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar