BSGG SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesiniň gözlegine girişer

BSGG SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesiniň gözlegine girişer

BSGG-niň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň ikinji tapgyry SARS-CoV-2-niň tebigy çeşmesini tapmakdan ybarat.Hünärmenler donorlardan we ýiti respirator wirusly ýokanç keseli bolan näsaglardan biomateriallaryň ýygyndylaryny öwrenmegi meýilleşdirýärler belki, olarda pandemiýadan öň peýda bolan täze koronawirusa garşy antibedenjikleri tapmak başardar.

Bu barada Russiýa Federasiýasyndan BSGG-niň toparynyň hünärmeni, Rospotrebnadzoryň Paster adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň ylmy barlag institutynyň müdiriniň orunbasary Wladimir Dedkow habar berdi.Muny iz.ru ýetirýär.

Onuň aýtmagyna görä, diňe bir Hytaýdan däl, beýleki ýurtlardan hem biomateriallary gözden geçirmek meýilleşdirilýär.Dedkow SARS-CoV-2-niň ýabany tebigatdan ýok bolup, diňe adamlaryň arasynda galan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Ol häzir koronawirusyň haýwanlardan adama geçmeginiň iki görnüşiniň bardygyny ýatlap geçdi. Şeýle-de bolsa, heniz tebigy çeşmäni tapmak başartmady.Hatda ýokanjyň ýarganatlardan ýaýramagy hem şübhelidir.BSGG-niň hünärmenleri 9-njy fewralda geçirilen brifingde Hytaýdaky missiýasynyň birinji tapgyrynyň jemini jemlediler.

Olar bar bolan epidemiologik maglumatlara esaslanyp, Hytaýyň Uhan şäherindäki bazarda koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny kesgitlemegiň mümkin däldigini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

BSGG: "Dünýä täze epidemiýa garşy taýarlykly däl" diýdi
Türkmenistanda doglan lukman BSGG-niň Russiýadaky edarasynyň başlygy boldy
Batyr Berdigylyjow BSGG-niň Russiýadaky bölüminiň başlygy wezipesine bellendi
BSGG täze ählumumy pandemiýa barada duýdurdy
BSGG-nyň resmi wekili Türkmenistanda saparda bolar
BSGG: planetanyň bir milliarddan gowrak ýaşaýjysy semizlikden ejir çekýär
Gebreýesus Global Pandemiýalara Garşy Göreş Boýunça Möhüm Beýannama Berdi