BSGG: ýurtlara COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakdan ir

BSGG: ýurtlara COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakdan ir

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hünärmenleri dünýä döwletleriniň COVID-19-çäklendirmeleri ýatyrmagynyň heniz irdigini bellemek bilen, seresaplylygy elden bermezlige çagyrdylar.Bu barada Interfaks ýazýar.Biz ätiýaçly bolamagy maslahat berýäris, sebäbi heniz ýurtlaryň köpüsi omikronyň güýjeme döwründe dur. Şeýle-de sanjym işi hem pes barýar. Şonuň üçin çäklendirmeleri birbada aýyrmakdan saklansa gowy diýip, BSGG-niň COVID-19 meselesi boýunça ýolbaşçysy Mariýa Wan Kerkhowy düýn metbugat ýygnagynda belledi.

Bu barada pikiri guramanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýerine ýetiriji direktory Mark Raýan hem tassyklady we ol ýurtlary öz çäklerindäki ýagdaýa laýyklykda hereket etmäge çagyrdy.

Ol çäklendirmeleri ýatyrmakçy bolýan döwletlere olary adamlaryň razylygy bilen gaýtadan dikeltmek mümkinçiliklerine doly göz ýetirip, ýatyrmagy maslahat berdi.

Ýene degişli makalalar

Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
Saglygy goraýyş kämillik ýolunda
Erdogan Türkiyäniň Palestina ynsanperwer kömek bermegi sebäpli BSGG Ýewropa sylagyna laýyk görüldi
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Astanada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Sebitleýin keýs-çempionatyna gatnaşdylar
Türkmenistan sosial krizislere duçar bolan ýurtlara kömek bermek üçin ynsanperwer merkeziň döredilmegini ileri tutýar
Tramp birinji möhletindäkiden has köp kararlara gol çekdi