BSSG koronawirusyň gelip çykyşy barada deslapky hasabat taýýarlaýar

BSSG koronawirusyň gelip çykyşy barada deslapky hasabat taýýarlaýar

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň başlygy Tedros Gebreýesus anna güni bolup geçen metbugat ýygnagynda SARS-CoV-2 ýokanç keseliniň gelip çykyşyny öwrenýän halkara bilermenler toparynyň deslapky hasabatynyň indiki hepde çap ediljekdigini aýtdy.

Halkara bilermenler topary ýokanç keseliň dörän ýeri hasaplanýan Hytaýyň Wuhan şäherine eden iş saparyny ýaňy tamamladylar. Olaryň esasy wezipesi SARS-CoV-2 ýokanç keseliniň döreýşiniň dört görnüşini:

Doktor Tedros bu görnüşleriň hiç biriniň entek doly ret edilmändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, şu hepdäniň başynda hünärmenler SARS-CoV-2 ýokanç keseliniň barlamhanadan (laboratoriýa) gelip çykan bolmagynyň gaty ähtimaldygyny aýtdylar. Anna güni geçirilen brifingde olar bu maglumatlary tassykladylar.

Şu wagta çenli SARS-CoV-2-niň yzlary baradaky ähli deliller, bu ýokanç keseliň dörän ýeri hökmünde Hytaýyň ýabany haýwanlaryň eti satylýan söwda nokady bolan Wuhan bazaryny görkezmäge esas döredýärdi.

BSSG-niň zunotik keseller boýunça hünärmeni Piter Ben Embarek:

BMG-niň metbugat gullugy SARS-CoV-2 ýokanç keseliniň gelip çykyşyny öwrenýän halkara bilermenler toparynyň jikme-jik hasabatynyň ýakyn hepdelerde çap ediljekdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

BSGG: Ýewropada howply ýokançlary ýaýradýan çybynlar peýda boldy
Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
18.01.2021 | Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
13.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň günleri başlandy