Bu ösümligi gördüňizmi?

Paýtagtymyz Aşgabatda seýilgähleriň we tokaý meýdanlarynyň sany ýylsaýyn artýar.Seýilgählerde tut, çynar, leýlisaç, arça bilen bir hatarda, akasiýa, klýon, pawlowniýa ýaly beýleki agaçlar hem ekilýär. Şäherde ekilýän bezeg agaçlarynyň biri hem pirakanta bolup, owadan ak güli, alma şekilli kiçijik miwesi bilen tebigatyň gelşigini artdyrýar.

Pirakanta Gündogar Aziýada we Günorta Ýewropada giňden ýaýran gyrymsy agaç bolup, onuň 10 görnüşiniň bardygy aýdylýar.Boýy 3 metre çenli ýetýän hemişe gök öwüsýän bu gyrymsy agajyň şahalary tikenli bolýar.

Mart-maý aýlarynda gülleýän pirakantanyň sentýabr-noýabr aýlarynda hasyly ýetişýär.Bu ösümligiň gyzyl, sarymtyl-mämişi miwesiniň hoşboý ysy we özboluşly tagamy bolýar.Oňa Ýewropada ömri halas ediji däne ýa-da fakel miwesi hem diýilýär.

Pirakantany islendik toprak şertine çalt uýgunlaşýandygy sebäpli ekerançylyk ýerleri bilen bir hatarda, daşly hem-de çölleşen toprakda ekip bolýar.Kökünde we baldagynda peýdaly maddalary saklaýan bu ösümlik ýeri baýlaşdyrýar.

Kiçijik alma irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýär.Pirakanta miwesi diş agyryda, immuniteti güýçlendirmekde we böwregi arassalamakda peýdalanylýar.Ownujak gyzyl we sary miweler guşlar üçin hem iýmit bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

'Soňky jaň' çäreleri berk polisiýa gözegçiligi astynda bellenip geçildi Türkmenabat
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
Seýil edeliň bu jahana Singapuryň täsinlikleri
'Bagtyýar' çagalygyň kösençli körpeligi baý ýurda 'gelişmeýär'
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy, Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy, Mergen Orazow bilen interwýu we beýleki habarlar
Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň kenarynda syýahatçylary kabul etmek üçin ähli zat taýyn edildi, Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama ýaryşyndaky bäsdeşleri mälim edildi we beýleki habarlar