Bu robot ýantorba ýolda ýoldaş bolar

Bu robot ýantorba ýolda ýoldaş bolar

Piaggio Fast Forward (PFF) kompaniýasy Gita awtomatlaşdyrylan ýantorbalarynyň has kämil görnüşi bolan Gitamini robot ýantorbasyny öndürdi.

Ol özbaşdak 35 kilometre çenli ýoly geçip bilýär. Bu bolsa bir gezeklik zarýad bilen alty sagatlap gapdalyňda ýöräp biljekdigini görkezýär.

Robotda gurnalan ösen optika we ulagy görmek ulgamy wizual we radar signallarynyň derňewini ulanyp, adamy yzarlamaga mümkinçilik berer. Şol bir wagtyň özünde, enjam GPS, öýjükli we simsiz aragatnaşyga birikmegi talap etmeýär.

Gitamini 9 kilograma çenli ýüki göterip biler.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Robotine obasy azat edildi" diýdi
Robot işgärleriň sany artýar
Ilkinji adamsypat uçarman robot
Şweýsar alymlary iýdiji robot döretdiler
Robot bäsleşigi geçiriler
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy