Bürünç medalyň eýesi “Şagadam”

27-nji tapgyrda “Altyn asyr” myhmançylykda “Aşgabat” toparyny 1-0 hasabynda ýeňdi. Çempiona ýeňiş getiren ýeke-täk pökgini 19-njy minutda Mihail Titow derwezä girizdi.Kümüş medalyň eýesi “Ahal” myhmançylykda “Energetik” toparyny 7-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 6 goly 1-nji ýarymda geçirilen duşuşykda “Ahal” toparynyň adyndan Elman Tagaýew (3, 11), Murat Ýakşiýew (19, 42, 60, 61) hem-de Pirmyrat Sultanow (48) tapawutlandy. Ýer eýesi “Energetik” toparynyň gollaryny Parahat Jumanazarow bilen Rahmet Şermetow derwezä girizdi. 3-nji ýer ugrunda ýiti göreş alyp barýan 2 toparyň arasyndaky oýunda “Köpetdag” bilen “Şagadam” 1-1 hasabynda deňme-deň oýnadylar (Ýazgylyç Gurbanow 29 Yhlas Magtymow 40). Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, 3 utuk aratapawudy saklamagy başaran “Şagadam” bassyr 2-nji, umumylykda 5-nji gezek bürünç medala mynasyp boldy. “Merw” bilen “Nebitçiniň” arasyndaky duşuşyk hem Şaweli Seýitgulyýew (84) bilen Kerim Hojaberdiýewiň (37) garşylykly gollaryndan soň deňlikde tamamlandy.

Çempionatyň jemleýji 28-nji tapgyry 28-nji noýabrda oýnalar. Şol gün “Altyn Asyr” “Nebitçi”, “Merw” “Köpetdag”, “Ahal” “Aşgabat” hem-de “Şagadam” “Energetik” duşuşyklaryndan soň, Milli çempionatymyzyň 28-nji möwsümi tamamlanar.

“Aşgabat”“Altyn asyr”: 01

(Mihail Titow 19)

“Energetik”“Ahal”: 27

(Parahat Jumanazarow 5, Rahmet Şermetow 31 Elman Tagaýew 3, 11, Murat Ýakşiýew 19, 42, 60, 61, Pirmyrat Sultanow 48)

“Köpetdag” “Şagadam”: 11

(Ýazgylyç Gurbanow 29 Yhlas Magtymow 40)

“Merw” “Nebitçi”: 11

(Şaweli Seýitgulyýew 84 Kerim Hojaberdiýewiň 37)

The post Bürünç medalyň eýesi “Şagadam” appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: 15-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi