Bütindünýä Çarwa Oýunlary Başlaýar

Bütindünýä Çarwa Oýunlary Başlaýar

Bütindünýä Etnosport konfederassiýasy tarapyndan şu ýyl dördünji gezek geçiriljek Bütindünýä Çarwa oýunlary şu günI başlaýar.

Ilkinji Çarwa oýunlary, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň öňbaşçylyk etmeginde 2014-nji ýylda Gyrgyzstanyň Çolpon Ata şäherinde Yssyk kölüň kenarynda geçirlipdi.

Gyrgyzstan 2016-njy we 2018-nji ýyllaryň aralygynda ikinji we üçünji çarwa oýunlaryna ýer eýeçiligini edipdi.

Halkara derejesinde ýakyndan tanalmaga başlanan çarwa oýunlarynyň dördünjisiniň 2020-njy ýylda Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirlipdi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 2 ýyl yza süýşürlen oýunlar sentýabr aýynyň 29-y bilen oktýabr aýynyň 2-si aralygynda Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçirler.

Oýunlara şu ýyl 102 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşar.

Çarwa oýunlarynyň açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşar.

Açylyş dabarasy Türkiýe wagty bilen 19.00-da başlar.

ıznik kölüniň kenarydna geçiriljek guramaçylykda Zara, Arslanbek Sultanow, Kyraç, Trio Mandili, Mustafa Jejeli tanymal sungat ussatlary çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Rejep Bazarow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
75 ýaşly gyrgyz welosipedli Türkmenistandan geçip, Türkiýä gider
Çarwadar söwda merkezinde ýerleşýän Rysgal Mebel dükany mebel nyrhlaryny 25% çenli arzanlatdy
IV Bütindünýä Çarwa oýunlary Iznikde geçiriler
Türkmen türgenleri Türkiýede geçiriljek iki sany iri ýaryşa gatnaşar
Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar