Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem halkara guramalar we degişli edaralar bilen özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşdylar.Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktorynyň Aşgabat şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

BSG Türkmenistanyň gurama goşulmak boýunça taýýarlyk işine ýokary baha berdi
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşýar
Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda ädimlerini işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi