Bütindünýä Türki dili maşgalasynyň güni

Bütindünýä Türki dili maşgalasynyň güni

Şu ýylyň 30-njy oktýabr 13-nji noýabry aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 43-nji mejlisinde 15-nji dekabr “Bütindünýä Türki dili maşgalasynyň güni” diýlip yglan edildi.

Bu barada 3-nji noýabrda geçirilen mejlisde karar kabul edildi. Şeýlelikde, şu gün ilkinji gezek bu sene bellenilýär.Bu sene indiden beýläk her ýylyň 15-nji dekabrynda bellener.

1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda türki halklaryň ilkinji ýazuwy hasaplanýan oguz-orhon ýazuwynyň elipbiýini ýüze çykaran daniýaly dilçi Wilgelm Tomsen Daniýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň ýygnagynda ony okamagyň usullary dogrusynda çykyş edýär. Bu senäniň 15-nji dekabrda bellenilmegi şonuň bilen baglanyşyklydyr.

Ýene degişli makalalar

Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 43-nji sessiýasy
Bişkekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly Halkara ylmy-taslamalar bäsleşigiň netijeleri jemlendi
Halypalyk mekdebi
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi