Bütindünýä ykdysady forumy öz işine başlady

22-nji maýda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysady forumy (WEF) öz işine başlady.Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli WEF-iň ýyllyk maslahaty 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirilmän gelýärdi. “Taryhyň öwrülişikli pursaty: döwlet syýasaty we biznes strategiýasy” bu maslahatyň esasy mowzugy boljakdygy habar berilýär.

Forumyň dowamynda azyk howpsuzlygy, pandemiýadan soňky ykdysady dikeldiş, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş we dördünji senagat rewolýusiýasynyň tehnologiýalaryny ulanmak ara alnyp maslahatlaşylar.

Şu ýylky Dawos forumy 50-den gowrak döwlet Baştutanyny, şol sanda, 2 müňden gowrak işewüri bir ýere jemledi.Maslahata Awstriýanyň Kansleri Karl Nehammer, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen, Yragyň Prezidenti Barham Saleh, Polşanyň lideri Anjeý Duda, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Ermenistanyň Prezidenti Wagn Haçatrýan, Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) başlygy Janni Infantino, şeýle hem NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg gatnaşýar.

Hytaýa Howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili Se Çženhua wekilçilik edýär. Şeýle-de, bu foruma ABŞ-nyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi boýunça ýörite wekili Jon Kerri, ABŞ-nyň söwda sekretary Jina Raimondo, şeýle hem birnäçe senator we kongresmen gatnaşýar.

“Dawos” forumynda global we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, dürli pudaklarda innowasiýalary ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlyk meseleleri ileri tutulýan esasy meseleleriň biri bolar.

Ýene degişli makalalar

Howa boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler
Hytaýyň Çžençžou Şäherinde Doronlar Adamlaryň Üstüne Gaçdy
Hytaý suw joşmalaryndan ejir çekýär
Zwerew Rublewden üstün çykdy
Saç dökülmesine garşy plastyr oýlanyp tapyldy