Aşgabadyň günbataryndaky Büzmeýin etrabynda ýaşaýjylaryň ençemesi öýleriniň suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyk çekýärler. Ýaşaýyş jaýlaryna çatylan suw turbasynyň ýarylmagy muňa sebäp bolýar.
Agyz suwy turbasynyň ýarylmagy bilen bagly problema Büzmeýiniň Güneş etrabynda ýüze çykdy.
"Asudalyk köçesindäki ýaşaýyş toplumynda turbanyň ýarylmagyna bäş gün boldy. Suw köçä akýar, öýlerde bolsa suwuň güýji örän pes" diýip, ýerli çeşme 10-njy noýabrda gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýerli jemagat gulluklary birnäçe gün bäri dowam edýän bu ýagdaýdan habarly. Ýaşaýjylar yzly-yzyna suw hojalygyna jaň edip, ençeme gün bäri dowam edýän bu ýagdaý barada habar ýetirýärler.
"Ýaşaýjylar jaň edip, suw köçede sil bolup akýar, jaýlaryň ýokarky gatlaryna ýetmeýär diýip, aýdýarlar. Emma näme üçindir Büzmeýin wodokanaly kemçilikleri düzetmäge howlukmaýar" diýip, ýerli çeşmeleriň biri ýekşenbe güni habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň suw üpjünçilik edaralary we etrap häkimligi bilen habarlaşmak üçin eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeler suw turbalaryň ýygy-ýygyndan sandan çykyp, ýarylýandygyny aýdýarlar.
"Etrapçalarda we çetki ýaşaýyň toplumlarda sowet döwründe çekilen turbalar könelişip, agyz suwly we gyzgyn suwly turbalar ýygy-ýygyndan sandan çykýar.Köçeleriň dürli ýerlerinde suwuň çogup çykmagy ýa çüwdürim ýaly akmagy seýrek däl.
Suw birnäçe günläp akýar we köçeleri basýar.Geçip barýan pyýadalar we awtoulaglar köl bolup duran suwuň daşyndan aýlanyp geçmek üçin ýol gözlemeli bolýar" diýip, büzmeýinli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ýaşaýjylaryň sözlerine görä, gije-gündiz köçelere akýan suw asfalt ýoluň opurylmagyna sebäp bolýar
"Suwdan doly ýol ulagyň agramyna opurylyp, suwly çukura düşýän sürüjiler hem bolýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Emma ýarylan turbalaryň wagtynda bejerilmezliginden iň köp ejir çekýän ýerli ýaşaýjylardyr.
"Suwuň bir hepdeläp köçä akyp durmagy hojalyklaryň agyz suwundan mahrum bolmagyna, jaýlarda suw basyşynyň peselmegine getirýär. Jaýlaryň ýokarky gatlaryna asla suw çykmaýar. Suw edarasyna haçan jaň etseň häzir ussalar brigadasy gyssagly ýerlerde bejeriş işlerini geçirýärler, boşasalar bararlar diýýärler" diýip, ýene bir büzmeýinli aýdýar.
Ýaşaýyş jaýlaryň agyz suw bilen üpjünçiliginiň kesilmegi, suw turbalarynyň ýarylmagy bilen bagly ýagdaýlar paýtagtda we ýurduň dürli şäherlerinde ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Türkmen resmileri we döwlet mediasy şeýle problemalary agzamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.