Bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandy, ýeňillikli azyk paýlary gymmatlady

Bugdaýyň, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandy, ýeňillikli azyk paýlary gymmatlady

Türkmenistanyň hökümeti bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, degişlilikde 2,5 we 3,5 esse ýokarlandyrdy. Ýöne bu ýagdaýa parallel, döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahalardan hödürlenýän subsidirlenen unuň we pagta ýagynyň bahalary hem gymmatlady.

Täze bahalara laýyklykda, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy 800 manatdan 2 müň manada çykaryldy.

Şeýle-de, nah pagtanyň bir tonnasynyň bahasy, ýygym möwsümine laýyklykda, mundan ozal 1355 1500 aralygynda bolan bolsa, üstümizdäki ýylyň hasylyndan başlap, 4550 5000 manat aralygynda kesgitlendi.

Ýüpek pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy, mundan ozal, ýygym möwsümine görä, 1820 2000 manat aralygyndady. Soňky bahalar bilen, ýüpek pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy 6100 6700 manat aralygynda kesgitlendi.

Täze bahalaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirjekdigi aýdylýar.

Döwlet harmanyna bugdaý hasylyny tabşyran daýhanyň üstümizdäki ýylyň hasylyndan başlap, öňki bahalardan 2,5 esse töweregi has köp girdeji gazanmagyna garaşylýar. Pagtaçy daýhanlar öňki bahalar bilen deňeşdirilende 3,5 esse töweregi has köp girdeji gazanar.

Türkmenistanda 2018-nji ýyla çenli bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy 400 manatlygynda saklanyp galypdy. Şonda bu bahalar iki esse töweregi ýokarlandyrylyp, 800 manada çykaryldy. Alty ýyl töweregi soň, ýene 2,5 esse göterilip, 2 müň manada çykaryldy.

Ýöne bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň göterilmegi bilen, bugdaýdan we pagtadan alynýan önümleriň döwlet dükanlaryndaky subsidirlenen bahalary hem ýokarlandy.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy welaýat häkimliginde 14-nji fewralda geçirilen bir duşuşyga salgylanyp, mundan beýläk döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän unuň 50 kilogramynyň bahasynyň 225 manat, 1-nji sort unuň bahasynyň bolsa 200 manat hökmünde bellenendigini habar berdi.

Mundan ozal, döwlet dükanlarynda subsidirlenen unuň 1 kilogramy 1 manatdan satylýardy. Raýatlar 50 kilogram un üçin, 50 manat möçberinde töleg töleýärdi. Şeýlelikde, döwlet satyn alyş nyrhy 2,5 esse ýokarlandyrylan unuň ýeňillikli bahasy 4,5 esse töweregi gymmatlady.

Balkanly ýaşaýjylar hususy söwdada 50 kilogram unuň bahasynyň 800 manada çenli çykandygyny aýdýarlar.

Ýurduň bugdaý meýdanlaryna ekilen güýzlik bugdaý üstümizdäki ýylyň tomsunda ýetişýär. Gowaça bahar aýlarynda ekilip, güýz aýlarynda hasyl berýär.

Pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň göterilmegi bilen, döwlet dükanlarynda azyk paýlary hökmünde ilata hödürlenýän arasslanmadyk pagta ýagynyň bir litriniň bahasy hem 25 manat hökmünde bellenildi.

Bu ýagdaýlara parallel, çörek we çörek önümleriniň bahalary hem göterilýär. Balkanly ýaşaýjylar döwlet dükanlarynda 50 teňňe bolan buhanka çöreginiň bahasynyň 4 manada çykarylandygyny aýdýarlar. Hususy söwdada çöregiň bahasy has ýokary bolmagynda galýar.

“Hususy söwdada ozal bäş manat bolan çöregiň bahasy 15 manada çykdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli alyjylary sitirleýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda ýanwar aýyndan başlap, zähmet haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalar 10 göterim ýokarlandy. Ýöne ýerli ýaşaýjylar zähmet haklarynyň göterilmegi bilen esasy iýmit önümleriniň bahalarynyň ep-esli gymmatlaýandygyny aýdýarlar.

Balkan welaýatyndaky habarçymyz şenbe we ýekşenbe günlerinde, 10-11-nji fewralda Türkmenbaşy şäherindäki hususy söwda nokatlarynda unuň birden ýitirim bolandygyny habar berýär.

9-njy fewralda geçirilen hökümet mejlisi ýurduň oba hojalygy pudagynda täze özgertmeleri wada berdi.

Bugdaý, pagta, azyk senagaty, maldarçylyk we guşçulyk pudaklary, şeýle-de oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat ediş edaralary Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýryldy. Täze üýtgetmelere laýyklykda, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenpagta”, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, Azyk senagaty hem-de “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleri döredildi.

Şeýle-de, bu mejlisiň dowamynda Türkmenistanda 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň hem-de pagta öndürmegiň meýilnamasyny tassyklandy.

“Türkmenpagta” döwlet birleşigi pagtaçy kärendeçileri tohum bilen, “Türkmehimiýa” döwlet birleşigi mineral dökünleri bilen, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi bolsa oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün eder.

Şeýle-de, hökümet mejlisinde “Türkmenpagta” döwlet birleşigine hem-de welaýat häkimlerine 2024-nji ýylda ýurt boýunça 2100 tonna pile öndürilmegini üpjün etmeklik tabşyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Çeşme: Türkmenistanyň öňki baş prokurory we Aşgabadyň prokurory saklandy
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Mary welaýatynyň 'reformaçy' täze häkimi oba ýolbaşçylaryny çalyşýar, 'talapkärligi talap edýär'