Burkina-Fasoda altyn alynýan şahtada partlama boldy

Burkina-Fasoda altyn alynýan şahtada partlama boldy

Burkina-Faso döwletiniň günorta-günbataryndaky altyn gazylyp alynýan şahtada ýüze çykan partlama netijesinde 59 adam gurban boldy, 100 adam ýaralandy diýip, bu ýurduň RTB teleýaýlymy habar berdi diýip, rg.ru saýty ýazýar.

Deslapky çaklama görä, partlamanyň ýüze çykmagyna altyny gaýtadan işlemek üçin peýdalanylýan himiki maddalar sebäp bolupdyr. Partlama iki gezek gaýtalanypdyr.

Burkina-Faso Afrikada altyn gazyp almakda çalt ösýän ýurtdur, ol häzir yklymda bu ugurda bäşinji döwlet bolmagynda galýar we altyn onuň eksportynyň möhüm bölegidir. Ýurtda altyn gazyp almak bilen 1,5 million adam meşgullanýar, 2019-njy ýylda onuň nyrhy 2 milliard töweregi dollara deň boldy.

Häzir döwletde uly bolmadyk altyn känleriniň 800-si hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi
Türkiýe Burkina-Faso döwletinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Mewlüt Çawuşogly, Burkina-Fasoly Kärdeşini Gutlady
Burkina-Fasoda 29 gozgalaňçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Türkiýe Burkina-Faso bilen bagly beýanat berdi
BMG: dünýäde bosgunlaryň sany 100 milliona ýetdi