Buz geljek üçin saklanar

Buz geljek üçin saklanar

Antarktidada Buz ýady gaçybatalgasy atly täsin merkez guruldy.Deňiz derejesinden 3 müň 200 metr belentlikde gurlan ýerasty gowaga Ýewropadan buz bölekleri getirilip goýuldy.Alymlar global maýylganlyk sebäpli ereýän bu bölekleriň nusgalaryny geljek nesiller üçin iň ygtybarly ýer hasaplanýan Antarktidada goýmagy makul hasaplapdyrlar.

Bu ýere Fransiýadaky Mont Blank dagyndaky hem-de Şweýsariýadaky Alp daglarynyň eteklerindäki Grand Kombin buzlugyndan çykarylan, her biri 1,7 tonna bolan nusgalar getirildi.Buz bölekleri, ilki bilen, Italiýanyň Trieste portuna, soňra bolsa, 50 günde günorta polýusa eltildi.

Buz bölekleri Konkordiýa fransuz-italýan stansiýasynda 10 metr çemesi çuňlukda gazylan, uzynlygy 35 metre ýetýän gowakda ýerleşdirildi.Bu ýerde howanyň temperaturasy tebigy ýagdaýda 52 derejede saklanýar.Buz bölekleri müňlerçe ýyl ozalky howanyň ýagdaýyny bilmek üçin gymmatly maglumatlary özünde saklaýar.

Buz gatlaklarynyň arasyndaky tozan bölejikleri, howa we beýleki zatlar irki döwürde howanyň nähili bolandygyny bilmäge ýardam edýär.Taslamanyň çäklerinde geljek ýyllarda And daglaryndan, Gimalaý daglaryndan we Täjigistandaky beýik dag gerişlerinden buz bölekleri getiriler.

Islam Abdlnebiýew,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş sapary başlandy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşyk geçirildi we beýleki habarlar
Antarktikanyň buz gatlagy kiçeldi
Duşenbede Täjigistanyň buzluklaryna bagyşlanan sergi açyldy
Alymlar: Antarktida ýok bolmak howpy abanýar
Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga aldy, Türkmenistanyň wekiliýeti Duşanbe şäherine ugrady, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanun çap edildi we beýleki habarlar