Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär

Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär

Ahal welaýatynyň edara-kärhanalarynda işgärlerden özleriniň sosial media hasaplaryny ýapmaklyk talap edilýär. Öňler diňe harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine degişli bolan bu düzgün ýönekeý býujet işgärlerini Internet hasaplaryny ulanmagy dowam etdirmek üçin, özbaşdak çykalga gözlemäge iterýär.

“Býujet işgärleriniň el telefonlary barlanyp, olardan IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak barada dilhaty alyndy” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, ýurduň çäginde VPN bilen girilýän saýtlardan peýdalanýan işgärlere işden boşadylmak howpy abanýar.

Türkmenistanda Facebook, Instagram we Twitter ýaly iri sosial torlar, galyberse-de, azyndan 122 müň sany Internet salgysy petik astynda galýar.

Býujet işgärleri Internet hasaplaryny, hususan-da, özleriniň daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlary bilen aragtanaşyk saklamakda amatly hasaplaýarlar.

Ýöne bu meseleler gozgalanda, häkimiýetler VPN bilen girilýän saýtlaryň islendik görnüşiniň býujet işgärleri üçin düýbünden gadagan edilendigini aýdýarlar we olardan özleriniň daşary-ýurtlardaky dogan-garyndaşlary barada maglumatlary paýlaşmagy talap edýärler.

“Haýsy dogan-garyndaşymyzyň daşary ýurtlarda ýaşaýandygy, olaryň haýsy ýurtlarda ýaşaýandygy barada maglumat tabşyrmaly” diýip, bir býujet işgäri aýdýar.

Olar täze talaplary döwlet edara-kärhanasynda işlemegiň getirýän kynçylyklarynyň hatarynda agzaýarlar.

“Hökümet işinde işlemek gün-günden kynlaşýar. Düşnüksiz düzgünler, aýlyk pul tutumlary we şahsy telefonlaryň barlanylmagy ýaly çäklendirmeler öz işini taşlamaga ýykgyn edýän adamlaryň sanyny artdyrýar. Hemişe beýdip, işden kowulmak howpunyň astynda işlemekden haçan halas bolarys?!” diýip, býujet işgärleri aýdýar.

Bu düzgün öňler diňe harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine degişli ekeni.

“Ýöne olaryň arasynda hem uzagyrak dogan-garyndaşlarynyň adyna bellige alnan telefon belgileriniň üsti bilen Internet saýtlaryna girýän işgärler bar” diýip, bir býujet işgäri aýdýar.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri berk döwlet gözegçiligine we çäklendirmelere sezewar bolýar. Şol bir wagtda, olar döwlet guramaçylygynda geçirilýän çärelere-de mejbury çekilýärler.

Statistika baradaky döwlet komiteti ýurtda işsizligiň hakyky derejesini, galyberse-de, döwlet we hususy pudakda işleýän raýatlara degişli statistiki sanlary köpçülige aýan etmeýär.

Galyberse-de, türkmen hökümeti raýatlaryň Internet elýeterliligini çäklendirmekde berk tankyt edilýär. Petikli saýtlara diňe VPN ulgamlarynyň üsti bilen girilýär. Bu ýagdaý ýurtda VPN hyzmatlaryna bolan talaby güýçlendirýär.

Tehnologiýa maglumatlaryny çap edýän “Techopedia” neşirine görä, türkmenistanly ulanyjylar 2023-nji ýylda Google gözleg motory arkaly Internetden VPN gözlemekde dünýäde birinji orny eýelediler.

VPN ulgamlary, daşary ýurt web sahypalary we iri sosial torlar giň gerimli petiklemeler bilen nyşana alynýan mahaly, ýurduň öz içinde hasaba alnan Internet saýtlary, söwda platformalary ilat arasynda meşhurlyk gazanyp başlady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky aýlarda ýurduň çäginde Internet arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň alyşylmagy bilen bagly meýilleriň ýokarlanýandygyny habar berdiler.

Şol bir wagtda, Türkmenistan Internetiň bahasy we tizligi boýunça geçirilýän barlaglarda iň yzdaky orunlary eýeleýär, ilata hödürlenýän mobil Internet dünýäde iň haýal we iň gymmat Internet hasaplanýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Cable.co.uk neşiriniň barlagçylarynyň 2021-nji ýylda çap eden hasabaty Türkmenistanda Internetiň tizliginiň ortaça o,5 megabaýta, bir gigabaýtlyk onlaýn maglumatyň bahasynyň ortaça 24 dollara barabar bolandygyny görkezdi. Şeýle habarlardan iki ýyl soňra döwlet eýeçiligindäki “Türkmentelekom” kompaniýasy Internetiň bahasyny arzanlatmagy, tizligini ýokarlandyrmagy wada berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Diňle: Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Häkimiýetleriň Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygy baradaky wadasy 'puja çykdy'
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy
Okuwçylar sanly kitaphanalara gönükdirilýär, ýöne Internetiň haýal tizligi mümkinçilikleri çäklendirýär
Türkmenbaşyda VPN-den peýdalanan hojalyklaryň Internet üpjünçiligi kesildi