Çägeden we pomidordan Aýazbaba ýasadylar

Hindi suratkeşi we heýkeltaraşy Sudarsan Pattnaik Odişa ştatynyň Gopalpur şäheriniň golaýyndaky kenarda Aýazbabanyň çägeden we pomidordan ýasalan heýkellerini köpçülige hödürledi. Heýkeltaraşyň jemgyýetçilik torundaky maglumatlaryna görä, ol 15 talybynyň kömegi bilen ini 60 fut (18,2 metr), boýy 27 fut (8,2 metr) bolan heýkeli ýasamagyň hötdesinden gelipdir.

-Pomidordan we çägeden ýasalan bu Aýazbaba dünýäniň iň uly gurnamasydyr. Gopalpuryň kenarynda ýasalan bu heýkel üçin 1,5 tonna pomidor sarp edildi. Meniň talyplarym heýkeliň işini tamamlamak üçin tagallalaryny birikdirdiler.

Bu heýkel köplerde gyzyklanma döredip, ony görmäge gelýänleriň sany barha artdy. 45 ýaşly heýkeltaraşyň žurnalistlere gürrüň berşi ýaly özi hem-de topary mundan öň hem Roždestwo baýramçylygynda dürli materiallary ulanyp, Aýazbabanyň uly heýkelini döredipdirler.

Pattnaikiň çägeden ýasalan işleri bütin dünýäde meşhurdyr, olaryň käbiri Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi. Pattnaik köplenç dünýäde bolup geçýän dürli wakalara jogap hökmünde çäge heýkellerini döredýär. Heýkeltaraş Russiýada-da tanalýar ol 2017-nji ýylda Kolomenský muzeý-mülküniň çäginde guralan X Moskwa çäge sungaty boýunça çempionatynyň altyn medaly bilen sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

13.09.2017 | Aziadanyň baýdaklary we nyşanlary - ýetip gelen sport baýramynyň buşlukçylary
10.10.2017 | Uly ýaşly nesilleriň wekillerine Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
01.01.2018 | Heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Heýkeltaraş Saragt Babaýewe Hormatly il ýaşulusy diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
Babasary Annamyradow: çeýelik öwüşginleri we söýgi zehini