Çagalar baglarynyň tölegleri gymmatlasa-da, berilýän hyzmatyň 'hili üýtgemedi'

Çagalar baglarynyň tölegleri gymmatlasa-da, berilýän hyzmatyň 'hili üýtgemedi'

Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 8 esse ýokarlandyrylmagynyň, Aşgabatdaky ene-atalaryň köpüsiniň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolandygy barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýatladyp geçsek, geçen hepde Türkmenistanda çagalar baglarynyň aýlyk tölegleriniň 8 manatdan birden 80 manada çykarylandygy mälim boldy. Ýurtda ortaça aýlyk hakynyň 600 manada barabardygyny nazara alanymyzda, bu täzeligiň käbir ene-atalaryň arasynda nägilelikleriň döremegine sebäp bolandygy habar berildi.

Geçen hepde Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Daşoguz welaýat häkimliginiň we welaýat bilim bölüminiň işgärleri käbir ene-atalaryň tölegleriň ýokarlandyrylmagyna garşylyk görkezip, 10-njy oktýabrda şäher merkezinde nägilelik ýörişini geçirendigini tassykladylar.

Eýse, çagalar baglarynyň tölegleriniň duýdansyz 800 prosent ýokarlandyrylmagyna paýtagtly ene-atalar nähili garaýar? Şeýle-de, tölegler artdyrylandan soň, çagalar baglarynda berilýän hyzmatyň hili ýokarlandyryldymy?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amnmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Çagalar baglarynyň tölegleri gymmatlasa-da, berilýän hyzmatyň hili üýtgemedi

Embed code

Copy and paste the embed code below.

The code has been copied to your clipboard.

https://www.azathabar.com/a/28797939.html

0:03:40

0:00:00

/0:03:40

Ýükle

64 kbps | MP3

Pop-out player

Ýene degişli makalalar

Sowet Türkmenistanda Praga baharynyň’ basylyp ýatyrylmagyny ýazgaranlar yzarlanýardy’
Türkmenistanda taryhy ýer-ýurt atlarynyň ýalňyş düşündirilmegine göz ýumulýar
Türkmen teatry senzura astynda, döwlet hasabyna we zyýanyna işleýär
Balkan: Döwlet işgärlerine 'öz islegleri' bilen abuna ýazylýandyklary hakynda resminama gol çekdirilýär
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni haýsy bähbit esasynda üýtgedilýär?
Gaýgysyz Atabaýew ýagşylykda ýatlanýar