Lebap welaýatynyň Çärjew etrap merkezi kitaphanasy etrabyň 13-nji çagalar bagynda ertirlik geçirdiler.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli,sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler amala aşyrylýar. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde boluşy ýaly Türkmenistan döwletimizde hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Çagalar biziň geljegimiz, ata-babalarymyzyň “Çaga ömrüň dowamaty”, “Çagagolganatyň”, “Çagany ýaşdan edebi başdan”, “Aklyň bahasy bolmaz terbiýäniň-çägi” ýaly parasatly pähimlerinden ugur alyp, ýurdumyzda maşgalany we eneligi goldamaga köp çagalylygy höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.
Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanýar, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Çagalar “Türkmen halk ertekileri”, “Akpamyk”,”Akylly Ahmet”, “Ýüz tylla”, “Mämmetjan”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat” “Böwenjik ”- ýaly birnäçe ertekileri söýüp diňleýärler.
Durmuşumyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
