Hytaýyň mobil enjamlaryny öndürýän “Xiaomi” kompaniýasy çagalar üçin “Mi Bunny Children Watch 3” atly goşar sagadyny öndürdi. 1,14 dýuým HD AMOLED sensorly ekranynyň durulygy 320×260 piksel. 4G LTE interneti kabul edip bilýän sagat simkart arkaly el telefonyna birikdirilmezden işleýär. 2 megapiksellik kamerasy hem bolan adaty bolmadyk sagat çagalar üçin täze zatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Mysal üçin, daş-töweregimizde görýän ösümliklerimiz baradaky maglumatlary kamerasy arkaly anyklap bolýar.SOS düwmesine basylanda ene-atasynyň nirededigi barada maglumat iberýär.Gök we gülgüne reňki bolan enjam urga, çyzylmaga we suwa garşy goralanlygy bilen tapawutlanýar.
Ilkinji nobatda, Hytaýda satuwa çykaryljak modeliň bahasynyň 88 dollar boljakdygy habar berilýär.
