Tomus pasly geldi. Mundan beýläk howa has hem gyzyp başlaýar. Bu döwürde Gün şöhlesinden goranmak, pasla görä geýinmek, ulular üçin bolşy ýaly, çagalar üçin hem ähmiýetlidir. Ine, yssy günlerde çagalary nähili geýindirmelidigi barada käbir maslahatlar.
Çagalara eşik geýdirilende, diňe galyňlygy ýa-da ýukalygy däl, eýsem, onuň materialy hem dogry saýlanmalydyr. Rahat, açyk reňkli, nah matadan edilen egin-eşikler tomus günleri has amatly hasaplanýar. Bäbeklere, ýaňy ýöräp başlan çagalara pagta, zygyr we emeli ýüpek süýüminden edilen eşikleri hem geýdirmek bolýar. Çaganyň derisi duýgur bolansoň, has ýumşak materialdan edilen eşikler geýdirilmeli.
Yssy howada diňe çagalara däl, eýsem ähli ýaşdaky adamlara açyk reňkli eşikler geýmek maslahat berilýär.
Çaganyň ähli ýerini örtýän eşikler Gün şöhlesinden goramaga ýardam edýär. Çagalary Günüň zyýanly täsirlerinden goramak üçin başgap geýdirmegi ýadyňyzdan çykarmaň! Daş-töweregine kölege düşürýän başgaplar çaganyň ýüzüni we boýnuny goraýar. Dürli reňkli we nagyşly şapkalary çagalar hem gowy görýär.
Çagalara Gün äýneklerini hem dakyp bilersiňiz. Bu aksessuar çaganyň gözüni zyýanly şöhlelerden goraýar. Emma Gün äýneklerini saýlanyňyzda onuň hiline üns bermelidigini unutmaň! Hili pes materiallardan ýasalan äýnekler gözi Günden goramak ýerine, zeper ýetirmegi mümkin.
Çagalaryň egin-eşiklerine diňe yssyda däl, gijesine-de üns bermeli. Gije ýatylanda uzyn ýeňli, giň we ýuka eşikleri geýdiriň! Otagyň temperaturasyna görä, gysga ýeňli eşikleri hem geýindirip bilersiňiz.
