Çagalaryň bagtyýarlygy döwletiň abatlygy

Ýurdumyzda tomusky dynç alyş möwsüminde ösüp gelýän ýaş nesliň kadaly dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dürli ugurlar boýunça zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin dürli şertler döredilen sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň arasynda “Çagalaryň bagtyýarlygy döwletiň abatlygy” atly sport medeni çäresi geçirildi.Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary bu medeni çäräniň dowamynda kitap sergisini gurap, çagalara gyzykly kitaplary okap, sorag-jogap alyşdylar we olaryň arasynda çeper okaýyş boýunça bäsleşik geçirdiler.

Dynç alyş merkeziniň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhuna beslenýär
Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi
Her gün kadaly ýöriş edýärin…
Dynç günleri teatrlarda görkeziljek sahnalardyr konsertler
Zemin syýahat syýahatçylyk agentligi: dynç alyşyňyzy we iş saparlaryňyzy ussat hünärmenlere ynanyň
Belentden ýaňlanan owazlar