Çagalaryň oýun bäsleşigi

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, “Demirýolçy” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Matallar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar” aýtmakda çagalaryň arasynda oýun bäsleşigini geçirdi. Ýaş nesiller özleriniň okan ertekileriniň gahrymanlaryny ussatlyk bilen suratlandyrdylar.

Bäsleşikde guwandyryjy netijeleri gazanan çagalar wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler.Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri barada kitaphana hünärmeni täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle hem, gurnalan kitap sergisi çagalarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
“Yhlasly Türkmen” ýokary hilli gurluşyk materiallaryny hödürleýär
Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda ýakalaşyk we talaňçylyk hadysalary köpelýär
Transport kynçylyklary: Ýolagçylar otlularyň hajathanalarynda sapar etmeli bolýar
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda temalaryň 12-si boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar
Ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda ýaryş geçirildi