Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi Dürdänede şatlyk-şowhunda dowam edýär

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi Dürdänede şatlyk-şowhunda dowam edýär

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi üstünliklere beslenýär.Munuň şeýledigine Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, onuň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler hem doly güwä geçýär. Şu günler Balkan welaýat häkimliginiň Dürdäne sagaldyş we dynç alyş merkezinde ruhubelent körpeler wagtlaryny diýseň şatlykly, peýdaly geçirýärler.

Welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap toplumyň her tapgyrynda çagalaryň 300-si dynç alýar.Olar jemi üç tapgyrdan ybaratdyr.Nusgalyk amatlyklary, ýokary derejedäki şertleri özünde jemleýän ajaýyp merkezde bagtyýar çagalar höwesli dynç alýarlar.

Bu ýerde guralýan dürli gyzykly çäreler, aýdym-sazly dabaralar, duşuşyklar, zehin, döredijilik bäsleşikleri, gezelençler bagtyýar nesillere ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary peşgeş berýär.Sportuň milli oýunlaryň görnüşleri boýunça geçirilýän özara bäsleşikler, Kim çalasyn, kim çeýe! ýaly ýaryşlaram ýatda galyjylygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Zehin, döredijilik bäsleşiklerinde aýdym aýtmak, şygyrdyr hekaýa ýazmak, surat çekmek, keşpleri ýerine ýetirmek, dürli reňkli kagyzlardan şekilleri ýasamak boýunça özleriniň ukyplarydyr başarnyklaryny görkezýärler.Häzirki wagtda Dürdäne çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw gurnaklarynyň ýedisi hereket edýär.

Oglanlar zähmet gurnagynda başlangyç hünär endiklerini ele alýarlar, gyzjagazlar Miras gurnagynda çeper el işleri bilen meşgul bolýarlar. Şeýle-de kompýuter sowatlylygyny ösdürýärler, iňlis dilini öwrenýärler.Merkezde zehinlije körpeler gül Watanymyzdaky bagtyýarlygy, gözelligi, dost-doganlygy, parahatçylygy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirýärler. Şonuň ýaly-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň şanyna bagyşlanýan dürli derejeli dabaraly çäreler, gezelençler körpeleriň şadyýan sesleri, erkana gülküleri bilen utgaşyp, gözel künjegiň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar. Ýakynda, biz bu ýerde bolanymyzda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň başlygy Şamyrat Akmämmedow bilen duşuşyp, ondan merkezde geçirilýän işler hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik. Şonda ol: Biz Dürdäne çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde bellenilen meýilnamalar esasynda degişli çäreleri, wagyz-ündew işlerini gurap durýarys.

Merkeziň ýolbaşçysy, hünärmenleri, şeýle-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde çäreleri yzygiderli guraýarys.Döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň, sport ýaryyşlaryň, milli oýunlaryň dowamynda biz taryhy eýýamymyzyň zehinli, ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän bagtyýar nesilleriniň kemala gelýändigine guwanýarys.

Bagtyýar çagalara dabaralaryň dowamynda ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryp, çaga kalplaryny galkyndyryp durýarys.Arkadagly nesillerem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taýsyz eşretlerinden ruhlanyp, dynç almak, okamak, öwrenmek, döretmek ugrunda döredip berilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin çäksiz sag bolsunlaryny aýdýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hemişe rowaçlyklara ulaşmagyny arzuw edýärler diýip, guwançly gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda geçirilen bäsleşikleriň netijeleri jemlenildi
Tans we folklor toparlary bäsleşdiler
Balkanly dokmaçylar Täze ýyl baýramyna mynasyp sowgatly barýarlar
Türkmenistanlylar Täze ýylda jaý, gowy aýlyk, hakyky ösüş arzuw edýärler