Çakdanaşa yssy Hindistanda 159 adamyň pida bolmagyna getirdi

Çakdanaşa yssy Hindistanda 159 adamyň pida bolmagyna getirdi

Hindistanyň Odişa ştatynda 159 adam tomsuň yssysy sebäpli heläk boldy diýip, 24KZ ýazýar. Olaryň 41 sanysy gün urmasy sebäpli pida boldy. Galan ýagdaýlar seljerilýär.

Reuters habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, ştatyň paýtagtynda howanyň derejesi Selsiý boýunça 39 gradusa deň boldy, bu kadadan 6 dereje ýokarydyr.

Hindistan we Aziýanyň beýleki ýerleri adaty bolmadyk jokrama yssyny başdan geçirýärler. Alymlar munuň sebäbini adamyň işi netijesinde emele gelen howanyň üýtgemegi bilen baglaýarlar.

Meteorologlar yssy howanyň golaý günlerde Hindistanyň demirgazygynda we gündogarynda dowam etjekdigini çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda Kommunistik partiýanyň ygtyýarlylyklaryny artdyrýan kanun kabul edildi
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler
Russiýa Beýik Britaniýa duýduryş berdi
Trampyň uçary howa menzilinde başga uçar bilen çaknyşdy
Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar
Aşgabat şäher telefon ulgamy ÝGPJ SMART GOLDAW hyzmatyny ýola goýýar