“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy

“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy

"NPD Group" analitik firmasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçen - 2020-nji ýylyň bütin dowamynda oýun satuwynyň ýagdaýy barada maglumat berdi.Sanawda birinji orny “Call of Duty: Black Ops Cold War”, ikinji orny bolsa “Call of Duty: Modern Warfare” franşizasy eýeledi.

Umumy netije boýunça “Call of Duty” franşizasy bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy.Bu barada tech.sm.news habar berdi. "The Last of Us Part II" oýny 2020-nji ýylda iň köp satylan “PlayStation” oýny boldy, şeýle hem ol umumy sanawda iň köp satylan altynjy oýun hökmünde bellendi.

Bary-ýogy alty aýlyk satuwy bilen ol “Sony Interactive Entertainment”-iň şu güne çenli ABŞ-da iň köp satylan üçünji taslamasy bolup durýar.Bu babatda ol diňe "Marvel"-iň 2018-nji ýyldaky “Spiderman” we “God of War” oýunlaryndan yza galýar.

Ýene degişli makalalar

2018-nji ýylda iň köp satylan oýunlar
“PlayStation 5” noýabrda satuwa çykarylar
Hytaýyň DIM-i: Türkmenistan “Bir guşak-bir ýol” taslamasynda Hytaýyň esasy hyzmatdaşydyr
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy