Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki Türkmengaz döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän, ýagny dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen Çalsana, bagşy! atly bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň deslapky tapgyryna gatnaşyjylar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutarda türkmen halky aýdymlaryny, şol sanda halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan Amman-amman, Pyragyny gören daglar, Sonam geldimi, Galmanam senden, Nowgül, Tüni derýa, Ýandy bagrym, Selbinýaz ýaly türkmen halk aýdymlary, şeýle-de Balsaýat, Ýylgaýlar, Gaşly ýar, Selbinýazgyrk Aýna, Gülhanym ýaly halk sazlary ýerine ýetirildi.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherindäki Annagylyç Mätäji adyndaky 70-nji orta mekdebiň mugallymy Şaguly Hojamgulyýew, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähri Hommatnazarowa bagşyçylyk, ýagny dutarda aýdym aýtmak boýunça, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Türkmen owazy teleýaýlymynyň dutarçylar toparynyň sazandasy Baýramgeldi Atadurdyýew bilen Türkmenhowaýollary agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň Laçyn folklor toparynyň sazandasy Serdar Bäşimow dutarda saz çalmak boýunça ýeňiji bolmagy başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çalsana, bagşy atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran dutarçy bagşy-sazandalar bäsleşigiň jemleýji, ýagny döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry bäsleşigiň Aşgabat şäheri hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan dutarçy bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry 2023
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Magtymguly, söz binýadyň…