Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde 18 34 ýaş aralygyndaky dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde yglan edilen Çalsana, bagşy!
bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň milli äheňde bezelen sahnasynda bu aýdym-sazly çäräniň guramaçylykly we ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilendigini bellemek buýsançlydyr.
Halypa bagşy-sazandalaryň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren milli saz guralynda dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungatyny wagyz etmek, dünýä ýaýmak, zehinli sazandalary, bagşylary ýüze çykarmak, olaryň ussat sazandalar, bagşylar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşigiň ilki bilen etrap we şäher tapgyrynyň geçirilendigini, onuň welaýat tapgyryna bagşy-sazandalaryň iň gowularynyň saýlanyp alnandygyny aýdyp geçmek möhümdir. Şeýle hem bäsleşigiň tapgyrlaýyn geçirilmegi oňa welaýatyň ähli künjeginde ýaşaýan, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyna köňül beren zehinli ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklygyny üpjün etdi.
Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň, şeýle hem ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň öň ýanynda geçirilmegi-de aýratyn many-mazmuna eýedir.
Ykbalyny türkmeniň dutaryna, bagşyçylyk sungatyna bagyşlan bäsleşige gatnaşyjy ýaş zehinleriň bilelikde ýerine ýetiren Çalaly, bagşy!atly aýdymy bilen badalga almagy aýdym-saz söýüjileriň kalbyny joşa getirdi.Bäsleşigiň şertine laýyklykda ilki bilen sazandalar dutarda saz çalmak boýunça bäsleşdiler.
Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan şöhratly taryhyny, ynsanperwerlik ýörelgelerini, nusgalyk edim-gylymlaryny, ruhy dünýäsiniň ahwalatyny diňe bir dutaryň däl, eýsem, asyrlaryň owazyna öwren meşhur halypalaryň, şeýle hem mukamçy kompozitorlaryň döreden sazlarynyň kämil derejede ýerine ýetirilmegi bäsleşige gatnaşyjylaryň milli sungatymyzyň bu görnüşine içgin aralaşandyklaryny görkezdi.
Soňra bäsleşige gatnaşyjy ýaş bagşylara nobat berildi.Bäsleşigiň dowamynda bagşylar türkmen halk aýdymlaryny, şeýle hem mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.Aýdymlaryň türkmen halkynyň bagşyçylyk sungatynyň lummurdap ýatan köp şahaly akabasynyň dürli ýollaryndan, esasan-da, Lebap welaýatynda giňden ýaýran ärsary ýolundan belent heňde ýerine ýetirilmegi halypalaryň miras goýan sungatyny nesilleriň dowamata öwrendiginiň subutnamasy boldy. Çykyşlaryň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynmagy milli sungatymyzyň bu görnüşiniň ilat arasynda uly meşhurlyga eýedigini, şeýle hem ýaş bagşy-sazandalaryň kämillik ýoluna düşendiklerini görkezdi.
Halypa bagşy-sazandalardan düzülen eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda dutarda saz çalmak ugry boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Bägül Batyrowa hem-de Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Çaryýew, bagşyçylyk sungaty boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Merjen Amandurdyýewa hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Esen Atamyradow dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de olar Çalsana, bagşy!
bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandylar.Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň şygarynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän Watan bagtyň mekany aýdymy bolsa, aýdym-sazly eşretli zamanamyz üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk senasy bolup ýaňlandy.
