“Çandraýan-3” Aýyň golaýyndan ilkinji suratlaryny ugratdy

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) “Çandraýan-3” awtomatiki Aý stansiýasy tarapyndan alnan Aýyň ilkinji suratlaryny hödürledi. Olar X (ozalky “Twitter”) jemgyýetçilik torunda goýuldy.

45 sekuntlyk wideoşekilde hindi kosmos gämisiniň bir gapdaly hem-de Aýyň kraterler bilen örtülen üstki gatlagy görkezilýär. Suratlar 5-nji awgustda, “Çandraýan-3” Aýyň orbitasyna girensoň düşürildi diýip, ISPO-nyň hünärmenleri tassykladylar.

14-nji iýulda başlanan “Çandraýan-3” Aý missiýasy 23-24-nji awgustda Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gonmagyna garaşylýar. Bu missiýa üstünlikli amala aşyrylan halatynda, SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň Hindistan Aýyň üstüne kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt bolar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Hytaý Aýda bina gurmak üçin 3D-çap tehnologiýasyny synag etmekçi
Germaniýada ýedi merkezi aziýaly, şol sanda bir türkmenistanly terrorçylykda aýyplanýar
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler
Balkanyň bankomatlarynda nagt pul tapdyrmaýar
Gülli Aýyň ganhorlary ýylyň iň gowy filmi diýlip yglan edildi