Çapyksuwar B.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy

Çapyksuwar B.Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem tomaşa etdi.

Sylaglamak dabarasynda ilkinji alty çapyşygyň ýeňijilerine degişli toplumlaryň goýan 100 müň manat möçberindäki pul baýraklary gowşuryldy. Baýraklary degişli ulgamlar boýunça Hökümet agzalary gowşurdy.

2200 metr aralyga geçirilen jemleýji — ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor aty bilen 2 minut 37,4 sekunt netije görkezip ýeňiji bolan ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradowa Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — 300 müň manat gowşuryldy. Baýragy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa gowşurdy. Bular barada Watan habarlar gepleşiginde hem habar berildi.

Ozal biz baýramçylyk at çapyşyklarynyň her biriniň netijeleri barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
2026-njy ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýokary ligasynyň zenanlar düzümi kesgitlenildi
Läle Şöhradowa Türkmenistanyň zenanlarynyň küşt täjini gaýtaryp aldy
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna general-maýor harby ady dakyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY