Çeçenistanda Gurhany Ýakan Nikita Žurawel 3,5 Ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi

Çeçenistanda Gurhany Ýakan Nikita Žurawel 3,5 Ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi

Russiýa Federassiýasynyň Çeçenistan Respublikasynda geçen ýyl Gurhany ýakan Nikita Žurawel 3,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Çeçenistan Respublikasynyň paýtagty Groznide gozgalan kazyýet işinde Gurhany ýakan Nikita Žurawel “ruhy gymmatlyklary kemsitmek we jemgyýetçilik tertibi bozmakda” günäkärlendi.

Kazyýet 20 ýaşyndaky Nikita Žuraweliň 3 ýyl 6 aý azatlykdan mahrum edilmegine karar berdi.

Žuraweliň aklawçysy Ýuliýa Antonowa, metbugata beren beýannamasynda karara nägilelik bildirjekdiklerini aýtdy.

Nikita Žurawel maý aýynda Russiýanyň Wolgograd şäherindäki metjidiň öňünde Gurhany ýakandygy sebäpli saklanypdy we Çeçenistana ugradylypdy.

Ýene degişli makalalar

Insulin garşlygy bilen göreş
Türkmen halysy gözelligiň nusgasy atly baýramçylyk duşuşygynda göçme sergi
Kaýseri Basdyrmasy
Türkmen kompaniýalary hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy
Roza Gül Türkmenistanyň ähli ýerine eltip bermek hyzmaty bilen islegiňize görä gül çemenlerini hödürleýär
Köneürgenç sungat ussatlarynyň mekany