Çehiýada 5 adam göz tussaglygyna alyndy

Çehiýada 5 adam göz tussaglygyna alyndy

Çehiýanyň Baş prokuraturasyndan Martin Bili, 5 adam bilen bagly Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň tarapdary bolan separatist toparyň hatarynda söweşmek maksady bilen şol sebite gidendikleri barada günäkärlemeleriň bardygyny habar berdi.

Bili, mundan başgada göz tussaglygyna alynan adamlaryň Ukrainanyň gündogaryna gitmek isleýän adamlara guramaçylyk işlerinde kömek berendikleri barada hem aýyplamalaryň bardygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Çehiýanyň metbugatynda berilen habarlarda, 5 çeh raýatyň ýaragly topara agza bolandyklary, Russiýanyň Harby Razwedka gulluklary bilen aragatnaşyklarynyň bolandygy öňe sürüldi.

Çehiýanyň Premýer ministri Andreý Babiş 17-nji aprelde beren beýanatynda, ýurtda 2014-nji ýylda bolan partlama bilen arabaglanşyklary bolandyklary sebäpli 18 rus diplomadyň ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul edilendigini mälim edildi.

Şondan soň Russiýa hem öz gezeginde Çehiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän 20 diplomady islenmeýän adam yglan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Çehiýanyň Premýer-ministri bellendi
Ysraýylyň Baş Ştabynyň başlygy: "Goşun 7-nji oktýabrda şowsuz boldy" diýdi
Türk Howpsuzlyk Gullugynyň Transformasiýasy
Ukraina: "Russiýa degişli uly desant gämisini ýok etdik" diýdi
ABŞ-nyň Razwedka Gullugy Russiýa-Ukraina Söweşinde Möhüm Pozisiýa Eýeledi
Russiýada demir ýol köprüsinde partlama boldy