
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, rus goşunynyň Ukrainada çekilen ýerlerini yzyna aljakdygyny aýtdy.
Dmitýir Peskow, paýtagt Moskwada metbugata beren beýannamasynda, döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň, Ukrainanyň Donesk, Lugansk, Herson we Zaporožýe sebitleriniň anneksirlenmegi hakyndaky kanunlary tassykladygyna ünsi çekdi.
Peskow, “Ýurdumyz şu günden başlap hukuky taýdan giňeldi. Bu diýseň möhüm” diýdi.
Rus goşunynyň käbir ilatly ýerlerden çekilendigi hakynda hem durup geçen Peskow, “Şol topraklar ebediýete çenli Russiýa degişli bolar. Käbir ýerleri yzyna alarys” diýdi.