Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy

Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy

The Athletic neşiri tomusky transfer penjiresinde Çelsi klubunyň 11 futbolçysy bilen hoşlaşmaga taýýardygyny ýazdy.

Çeşmäniň habaryna görä, bu sanawda Ben Çiluell, Maýson Maunt, Mateo Kowaçiç, Pýer-Emerik Obameýang, Kristian Pulişiç, Ruben Loftus-Çik, Sesar Aspilikueta, Konor Gallaher, Hakim Ziýeş, Kaý Hawars we Rahim Sterling bar. Klub bu futbolçylar üçin geljek tekliplere seretmäge taýýar.

Iňlis klubunyň yzda galan iki transfer penjiresinde täze oýunçylary satyn almak üçin 611 million ýewro sapr edendigini ýatlamak gerek. Çelsi, umuman, soňky transfer penjireleriniň rekordçysydyr.

Grem Potteriň şägirtleriniň yzda galan 26 oýunda 37 utuk toplap, ýaryş tertibiniň 10-njy basgançagynda barýandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

“Arsenalyň” 14-nji FA Kubogy
TÜRKMENIŇ MIRASY DÜNÝÄNIŇ MERJENI
Türkmen telekeçisi ýarym kakadylan şöhladyň täze görnüşini öndürip başlady
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
5-nji kuboga 30 ýyl garaşdy
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji