Çelsiden nobatdaky transfer: Kalidu Kulibali Londona göçdi

Çelsiden nobatdaky transfer: Kalidu Kulibali Londona göçdi

Londonyň Çelsi kluby Naloliden Kalidu Kulibalini transfer etdi. Toparyň resmi saýty şu gün senegally goragçy bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişilendigini habar berdi. Mälim bolşuna görä, oýunçy indiki möwsüme taýýarlyk görmek maksady bilen geçirilýän ýoldaşlyk duşuşyklarynda gatnaşmak üçin bireýýäm ABŞ-a ugrapdyr.

Habarda transferiň bahasy we oýunçynyň zähmet haky barada maglumat berilmändir. Emma sport neşirleri aristokratlaryň Kulibalini Londona getirmek üçin Napoli toparyna 40-45 million ýewro töweregi tölemeli bolandygyny, goragçynyň özüne bolsa ýyllyk 10 million ýewro hak tölenjekdigini ýazýarlar.

Maglumat üçin, Kalidu Kulibali geçen möwsümde Napoliniň düzüminde jemi 37 oýunda meýdança çykyp, 3 gol urdy we şonça golly pas berdi.

Ýene degişli makalalar

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şa ýolbars iň köp tomaşa edilýän multfilm
“Terrorçylaryň Hinlerini Derbi-Dagyn Edýäris”
Türkmenistanly el işleriniň ussady milli lybaslarda täze gurjaklar ýygyndysyny döretdi
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
Türkmenistandaky hususy ýyladyşhanada täze iş orunlarynyň 400-den gowragy döredildi