“Çelsiniň” 70 million funtluk 2 transferi

Angliýanyň “Çelsi” topary 2 günde 2 oýunçy transfer etdi.Londonlylar ilki “Aston Willanyň” ýaş oýunçysy Karni Çukwuemekany 15+2 million funt sterlinge transfer etdi. “Çelsi” topary 18 ýaşly oýunçy bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Angliýaly ýarymgoragçy geçen möwsümde “Aston Willada” 13 oýunda meýdança çykdy.Bu transferden 1 gün soň “Çelsi” topary “Braýtonyň” 24 ýaşly ýarymgoragçysy Mark Kukurelýany hem transfer edendigini habar berdi.

Angliýaly goragçy “Çelsi” bilen 6 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Çelsi” topary Kukurelýanyň transferi üçin “Braýton” toparyna 55+7 million funt sterling tölemeli bolar.

Ýene degişli makalalar

Mançesteriň reňki gyzyl
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Liwerpul” çempionlykdan daşlaşýar, “Arsenal” 11 oýundan soň ýeňiş gazanyp bilmedi
London derbisi deňlikde tamamlandy, “Liwerpul” ýeňşi ýatlady
“Arsenala” awtogollara ýeňiş getirdi
111 ýyllyk rekord gaýtalandy
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol