Çempionlar Ligasynyň, Ýewropa Ligasynyň finalynyň eminleri belli boldy

Ýewropa futbolynyň hojaýyny UEFA öz garamagyndaky klub ýaryşlarynyň finalynda jürlewük çaljak eminleri mälim etdi. Şoňa görä, 10-njy iýunda Stambulda Mançester Siti bilen Interiň arasyndaky finala polşaly Simon Marçiniak eminlik eder. Ol Katar 2022 Dünýä Kubogynyň finalynda-da jürlewük çalypdy. Oňa Pawel Sokoniçki bilen Tomaş Listkiewiç ýardam berer. Duşuşygyň 4-nji emini rymuniýaly Istwan Kowaç bolar.

31-nji maýda Budapeştde Sewilýa bilen Romanyň arasyndaky UEFA Ýewropa Ligasynyň finalyna-da angliýaly Antoni Teýlor eminlik eder.

7-nji iýundaky West Ham bilen Fiorentinanyň arasynda Pragada geçiriljek Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň final duşuşygynda ispaniýaly Karlos del Serro Grande jürlewük çalar.

Zenanlaryň arasyndaky UEFA Çempionlar Ligasynyň finalyna-da uelsli Çeril Foster eminlik eder. Barselona bilen Wolfsburgyň arasyndaky duşuşyk 3-nji iýunda Niderlandlaryň Eýndhowen şäherindäki Phillips stadionynda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Rowaçlan Galkynyş” ýyladyşhanalarda ulanylýan ýörite polipropilen matasyny satuwa çykardy
ADY ÄLEME DOLAN TÜRKMEN BEDEWI
Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
5-nji kuboga 30 ýyl garaşdy
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR