Çereşnýa sapagynyň peýdalary

Çereşnýa sapagynyň peýdalary

Gepleşigimiziň guradylan çereşnýa sapagynyň peýdalary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Guradylan çereşnýa sapagy milli lukmançylykda peýdalanylýan şypaly ösümlikdir.

Guradylan çereşnýa sapagynyň peýalary

Peşew çykaryjydyr.

Çereşnýanyň sapagy fitoterapeýada peýdaly we ynamdar peşew çykaryjy hökmünde asyrlardan bäri peýdalanylýar.

Buşykdyryjy täsiri bolan we çişe sebäp bolýan suw üýşmesiniň öňüni alýar. Aýratynam bedende tebigi toksinlerden saplanyş tapgyryny goldaýyjydyr we şol sebäpli detoks bejergilerinde giňden peýdalanylýan ösümliklerden biridir.

Peşew ýoly iriňlenmesiniň öňüni alar

Çereşnýanyň sapagy güýçli peşew çykaryjy we iriňlemäniň öňüni alyjy özbolyşlyklary bilen böwrekleri hem-de peşew ýollaryny arassalaýar. Çereşniýa sapagynyň çaýy böwreklerdäki ýa-da peşew ýollaryndaky iňriňlemeleriň öňüni alar.

Böwrek daşlarynyň zyňylymyna peýdalydyr.

Çereşnýanyň sapagy horlanmak üçin hem peýdalydyr.

Bedeni zyňlymlardan we toksinlerden saplap, artykmaç ýaglary aýyrmak üçin peýdalanmak maslahat berilýär. Şeýlelikde deriniň estetiki taýdan görnüşini gorap saklar. Içegäniň işleýişini kadalaşdyryp, bedende suw ýygnanmalarynyň öňüni alýar hem-de horlanmagy ýeňilleşdirýär. Çereşnýanyň sapagy gandaky glýukozanyň kadalaşmagy we işdämenlige gözegçilik etmek taýdan hem peýdalydyr.

Bogun agyrylarynyň we iriňlenmäniň öňüni alýar.

Bogun agyrysy keselinden ejir çekýänleri rahatlandyrýar.

Çereşnýanyň sapagynyň regle we çişe garşy peýdalary

Zenanlar regl günlerinde bedenlerinde emele gelýän çişlerden biynjalyk bolýarlar. Çereşnýanyň sapagyny gaýnadyp içmek hem gan aýlanyşyny we toksiniň işlenip çykarylmagyny ýeňilleşdirýär hem-de bedende emele gelen çişi azaldýar.

Benin prostatanyň ulalmagynyň öňüni alýar.

Guradylan çereşnýa sapagynyň beýleki peýdalary

Çereşnýanyň sapagyny nähili peýdalanmaly?

Çereşnýanyň sapagyndan peýdalanmak üçin ilki guradyň. Iýen çereşniýalaryňyzyň sapagyny zyňmaň. Çygsyz, gurak otagda, gün görmeýän ýerde 4-7 gün aralygynda tebigy görnüşde guradylmaly. Gurandan son howa girmeýän çüýşe gapga saklaň.

Çereşnýa sapagynyň çaýy nähili demlenmeli?

Gazana 1 litr suw bir owuç guradylan çereşnýa sapagyny salyň.

5 minut pes otda gaýnadyň. Sowadan soň süzüp, çüýşä guýuň. Çaýy sowadyjyda goýmagy ýatdan çykarmaň. Çereşnýa sapagynyň çaýyny üç günüň dowamynda içip bilersiňiz. Üç günden köp garaşdyrmak maslahat berilmeýär.

2-nji Resept:

Bir käse gaýnan suwa 2-25 sany guradylan çereşnýa sapagyny salyp, pes otda 3-4 minut gaýnadyp, süzüň. Bir hepdäniň dowamynda günde 1 käse içmek ýeterlik bolar.

Bu çaý näçe wagt içilmeli?

Toksini işläp çykaryjy we gan akyşyny kadalaşdyryjy täsirinden peýdalanmak üçin naharlardan ýarym sagat öň ýa-da nahardan 2 sagat soň günde bir käse içmek maslahat berilýär. Bir hepde soň üç gün arakesme bermeli. Soň ýene-de bir hepde içmeli. Guradylan çereşnýa sapagy erkeklere 40 ýaşdan soň peýdalanmak maslahat berilýär. Zenanlar bolsa 15 ýaşdan soň peýdalanyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Çereşnýa sapagynyň peýdalary
Gök çaýmy, gara çaý?
Sesiň gyrylmagyna tebigy bejergiler
KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!
Türkmenistanda 28-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
Gurakçylyk dünýäde mindalyň ýetmezçiligine getirip biler