Çip bazary ösýär

Elektron enjamlaryň, awtoulaglaryň we beýleki serişdeleriň esasy bölegi bolan çipler soňky ýyllarda has kämilleşdirildi. Bu bolsa, enjamlaryň öndürijilik kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle bolansoň, bu ugra has köp maýa goýum gönükdirilýär. Çaklamalara görä, şu ýyl çip satuwynyň geçen ýyla garanyňda 18,8 göterim artyp, 629,8 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

Gartner maslahat beriş kompaniýasynyň taýýarlan maglumatyna görä, geljek ýyl çip satuwynyň 13,8 göterim artyp, 716,7 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

Soňky ýyllarda emeli aň çiplerine hem has köp maýa goýum gönükdirilýär.

Baýrammuhammet GOŞUNOW, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
Milli manadymyz ýurdumyzyň berk binýady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmentel — 2024 halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Elektronika dünýäsinden Täze ýyl sowgady — ähli tehnikalara 40%-e çenli arzanladyş
ÝB bilen Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar